«Magtymguly» diýip adyň tutsalar
Täze taryhy döwrümiz beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň has belende galýan zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldarynyň şahsyýetini, edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça amala aşyrylýan işler, hakydalarda müdimilik ýer alan, ynsanperwerlige, watansöýüjilige çagyrýan goşgulary bilen dünýä edebiýatynyň hazynasyny has-da baýlaşdyran şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi munuň subutnamasydyr. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi merdana halkymyzyň şygyrlary ynsan kalbynyň nagşyna öwrülen dana Pyraga näderejede hormat-sarpa goýýandygyny açyk-aýdyň görkezýär. Dana şahyr dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan goşgularyny nesillere miras galdyrdy. Adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna, asyrlaryň owazyna öwrülen ajaýyp şygyrlar, ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, nesiller aýlansa-da, ähmiýetini hem gymmatyny ýitirenok. Olar dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyl