Hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, şol sanda ýurdumyzyň köpugurly we toplumlaýyn daşary syýasatynyň amala aşyrylmagyna aýratyn uly üns berýär. Şu jähtden, ýurdumyz özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek babatynda anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalary amala aşyrýar.
Häzirki döwürde Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim pudagynda, medeniýet ulgamynda has netijeli hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň Omsk şäherinde geçirilen Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň döredijilik festiwalyna gatnaşmagy bu aýdylanlary doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmen ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Iýun aýynyň 26 — 30-y aralygynda geçirilen bu festiwal ýaşlaryň döredijilik, sungat we intellektual işjeňliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, ol «KHS, media», «Döredijilik» we «Dizaýn» atly üç bölümi öz içine aldy. «KHS, media» bölüminde ýaşlara medianyň häzirkizaman ugurlary, surata düşürmegiň we ony gaýtadan işlemegiň görnüşleri, täsirli wideo ýazgylary taýýarlamagyň usullary we başga-da bu ugra degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de gerekli tejribeleri alyşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi.