Bagtyýar ýaşaýşyň hatyrasyna

18 Iýul 2024
207

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 12-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde berlen maglumatlar berkarar döwletimiziň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol maglumatlaryň her biri watandaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň subutnamasydyr.

Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim köpdür.

Şirin TÖRÄÝEWA,
Halaç etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.