"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Usik taryha girdi

18-nji maýda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen «Ring of Fire» söweş agşamynyň esasy tutluşygynda britaniýaly boksçy Taýson Fýuri ukrainaly Aleksandr Usik bilen duşuşdy. Bu söweşiň ähmiýetli tarapy onuň agyr agramda ýeke-täk (absolýut) çempiony kesgitländigidir. Çünki tutluşykdan ozal, Taýson Fýuri bu agramda «WBC» çempionlyk guşagyna, Aleksandr Usik bolsa «WBA», «IBF», «WBO» we «IBO» çempionlyk guşaklaryna eýelik edýärdi. Doly 12 raund dowam eden söweş ukrainaly Aleksandr Usigiň emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Şeýlelikde, ol XXI asyrda agyr agramda ähli çempion guşaklaryny özünde jemläp, ýeke-täk (absolýut) çempiona öwrülen ilkinji türgen hökmünde taryha girdi. Ol professional karýerasynyň dowamynda 22 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy.

Sport ýaryşlary tamamlandy

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Bütindünýä futbol gününiň bosagasynda futbol ýyldyzlarynyň durmuşyndan söhbet açýan ýatlamalary okyjylara ýetirýäris

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri­niň me­dal­la­ry

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri Sa­mar­kant­da ta­mam­la­nan ka­ra­te bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň 9-njy çem­pio­na­tyn­da (WKF) 33 me­dal (6 al­tyn, 7 kü­müş we 20 bü­rünç) me­dal ga­zan­dy­lar. Üç gün­läp do­wam eden ýa­ry­şa Eý­ran­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 800-den gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Olar dür­li ag­ram de­re­je­le­rin­de ka­ta we ku­mi­te bo­ýun­ça güýç sy­na­nyş­dy­lar. 74 tür­gen­den yba­rat mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz baý­rak­ly üçün­ji or­ny eýe­le­di. Öň­dä­ki iki or­na bol­sa Ga­za­gys­ta­nyň (39 al­tyn, 30 kü­müş we 47 bü­rünç me­dal) we Öz­be­gis­ta­nyň (22 al­tyn, 29 kü­müş we 58 bü­rünç me­dal) to­par­la­ry my­na­syp bol­du­lar.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary öz meýdanynda «Aşgabatdan» uly hasap bilen üstün çykdy – 7:1. Ýaryş tertibiniň üçünji hem-de ikinji toparlary – «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2:2 hasabynda tamamlandy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Şagadam» «Köpetdagdan», «Merw» bolsa «Energetikden» birmeňzeş 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli kikboks boýunça Aşgabat şäheriniň açyk kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda 2006 – 2015-nji ýyllarda doglan türgenleriň 385-si dürli agram derejelerinde bäsleşdiler. Ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligiň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Olardan Muhammetberdi Allaberdiýew 63 kg-de 1-nji, Kakageldi Gaýypow 42 kg-de 2-nji, şol agramda Öwez Berdiýew 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Baýramçylyk sowgatlary

Aşgabatly 12 ýaşly türgen Aýlara Kakabaýewa Dohada (Katar) geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň guramagynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji ýaryşda jübütleýin bäsleşikde öňdäki orny eýeledi. Ýetginjek tennisçimiz bu üstünligi gazagystanly Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy. Aýlara Kakabaýewa 7 ýaşyndan bäri Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky toparlaýyn saýlama birinjilikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 3-nji orna mynasyp bolupdy.

Meýdançada energetikler

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we pudaklaýyn KA-nyň geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenenergoabatlaýyş» ÝÖB-niň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşige pudagyň edara-kärhanalaryndan 14 topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşyň finalynda «Аşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň topary Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň toparyny 4:3 hasabynda utup, göçme Kubogy eýelediler. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň topary «Energohyzma» birleşiginiň toparyndan 6:5 hasabynda üstün çykdy.

Taryhda şu gün

Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde geçirilen halkara ýaryşda tapawutlanan Ronaldo (12,93 sekunt) şondan iki ýyl öň goýan rekordyny täzeleýär. Ilkinji rekordy goýanda ol bu aralygy 13 sekunda geçmegiň hötdesinden gelipdir. Onuň täze rekordy aradan 12 ýyl geçensoň täzelenýär. 1993-nji ýylda Ştutgartda geçirilen dünýä çempionatynda angliýaly ýeňil atletikaçy Kolin Jekson çeýelik hem ýyndamlyk görkezýär (12,91 sekunt).

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak we welaýatymyzda sportuň boks görnüşini has-da ösdürmek maksady bilen 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda guralan ýaryşda B.Beşimow (48 kg), A.Garaýew (51 kg), U.Amanmyradow (54 kg), H.Allaberdiýew (57 kg), E.Seýtliýew (60 kg), E.Şanazarow (63,5 kg), E.Parahadow (67 kg), D.Kakajanow (71 kg), B.Omarow (75 kg), A.Bäşimow (80 kg), G.Täçmyradow (86 kg), Ş.Gylyjow (92 kg), N.Mämmedow (+92 kg) öz agram derejelerinde üstünlik gazandylar.Ýeňijilere TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Mämmet AGABAÝEW,

Şu möwsümde ilkinji gezek

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 5-nji «Gran Pri­si» Fran­si­ýa­nyň Le Man şä­he­rin­dä­ki «Bu­gat­ti» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da 27 aý­la­wy 41 mi­nut 23,709 se­kunt­da ta­mam­la­n «Ducati Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si, sa­na­wyň li­de­ri Hor­ge Mar­tin ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu sprint ýa­ry­şyn­da-da ýe­ňi­ji bo­lan Mar­ti­niň şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 6-njy ýeň­şi­dir. Ýe­ňi­ji­den 0,446 se­kunt yza ga­lan «Ducati Gre­si­ni» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýaryşy 2-nji orun­da ta­mam­la­dy. «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si, soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňi­ji­den 0,585 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­lip, 3-nji or­ny eýe­le­di. Bu ýa­ryş­dan soň sü­rü­ji­le­riň sa­na­wyn­da Hor­ge Mar­tin bi­rin­ji­li­gi­ni sak­lap, ol utu­gy­ny 129-a ýe­tir­di. 2-nji orun­da­ky Fran­çes­ko Ba­naia­nyň 91 utu­gy bar. 89 utuk­ly Mark Mar­kes bi­len Enea Bas­tia­ni­ni 3-4-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar.

Ožieniň 60-njy ýeňşi

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň (WRC) möw­süm­dä­ki 5-nji ýa­ry­şy Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ri­lip, «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňiş ga­zan­dy. Şu möw­süm­de bas­syr 2-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 60-njy ýeň­şi­ni baý­ram eden Ožie 337,04 ki­lo­metr ara­ly­gy 3 sa­gat 41 mi­nut 32,3 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Ýa­ryş­da «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri – es­to­ni­ýa­ly Ott Ta­nak 2-nji, bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Bu ýa­ryş­dan soň utu­gy­ny 110-a çy­ka­ran Noý­will sa­na­wyň ba­şy­ny çek­me­gi­ni do­wam ed­ýär. 2-nji ýer­dä­ki El­fin Ewan­syň 86, 3-nji bas­gan­çak­da­ky Ott Ta­na­gyň 86 utu­gy bar. Soň­ky 2 ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si Ožie 71 utuk­ly wa­tan­da­şy Ad­ri­en Fur­mo­dan 1 utu­gy az 5-nji orun­da bar­ýar.

«Ba­ýer» 59 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­läp, fi­na­la çyk­dy

Yz­ly-yzy­na 13-nji ge­zek çem­pi­on bol­dy

Bol­ga­ri­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky 12 ýyl­da bol­şy ýa­ly, bu möw­süm­de-de çem­pi­on üýt­ge­me­di. Razg­rad şä­he­ri­niň «Lu­do­go­res» to­pa­ry möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Bu ola­ryň yz­ly-yzy­na ga­za­nan 13-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, bu gör­ke­zi­ji dün­ýä fut­bo­lyn­da iň ýo­ka­ry 3-nji gör­ke­zi­ji­dir. Bu ugur­da re­kord Wa­nua­tu­nyň «Ta­fea» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, ýur­duň paý­tag­ty Port Wi­la şä­he­ri­niň we­ki­li 1994 – 2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da yz­ly-yzy­na 15 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Lat­wi­ýa­nyň «Skon­to» (1991 – 2004), Gib­ral­ta­ryň «Lin­koln» (2003 – 2016) klub­la­ry-da yz­ly-yzy­na 14 ge­zek çem­pi­on bo­lup­dy­lar. Şeý­le-de, Şot­lan­di­ýa­da «Sel­tik» bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da 54-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy we bu ugur­da 55 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Reýn­jer­se» go­laý­la­dy. Hor­wa­ti­ýa­da «Di­na­mo Zag­reb» yz­ly-yzy­na 6-njy, umu­my­lyk­da-da 25-nji ge­zek ýur­duň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Uk­rai­na­da-da soň­ky du­şu­şyk­da «Di­na­mo Ki­ýew­den» 1-0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «Şaht­ýor Do

ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER

Türk­me­nis­ta­nyň mil­li fut­bol çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry uly ha­sap­ly ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. «Ar­ka­dag» to­pa­ry 14-nji tap­gyr­da «Aş­ga­bat» to­pa­ryn­dan 7–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Di­dar Dur­dy­ýew (54, 56, 63), beý­le­ki­le­ri-de Wel­my­rat Bal­la­kow (10), Be­genç Ak­mäm­me­dow (45+2) hem-de Beg­my­rat Ba­ýow (52,87) ge­çir­di. Du­şu­şyk­da il­kin­ji bo­lup ha­sa­by açan paý­tagt­ly­la­ryň ýe­ke-täk pök­gü­si­ni 4-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Beg­my­rat Pir­ku­ly­ýew der­we­zä gi­riz­di. «Al­tyn asyr» bi­len «Aha­lyň» ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar 2-0 öňe saý­lan­sa-da, du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (My­rat An­na­ýew 66 p, Ata Gel­di­ýew 84 ö.d. — El­man Ta­ga­ýew 16, Meý­lis Di­ni­ýew 47). 14-nji tap­gyr­da­ky beý­le­ki 2 du­şu­şyk­da-da ýer eýe­le­ri 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ma­ry­da we­la­ýat der­bi­sin­de «Merw» «Ener­ge­ti­gi» Şa­za­da Bä­şi­mo­wyň (77), «Şa­ga­dam» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da «Kö­pet­da­gy» Me­kan Aşy­ro­wyň (80 p) go­ly esa­

Hepdäniň esasy duşuşyklary

17-nji maý (an­na) Fio­ren­ti­na – Na­po­li (23:45)

Bir sözlemde

Ita­­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «Ýu­wen­tus» Rim­de «Ata­lan­ta­ny» Wla­ho­wi­çiň 4-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 15-nji ge­zek ku­bo­gy eýe­le­di («Ata­lan­ta» bol­sa soň­ky 5 ýyl­da 3-nji ge­zek fi­nal­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy). AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ryn­dan 2-1 (Ue­na­ka 72, Wa­ta­na­be 84 – Ab­bas 12) ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy (jo­gap du­şu­şy­gy 25-nji maý­da BAE-de oý­na­lar).

Sport

Ýaş türgenleriň üstünligi Gözel Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazanmak maksady bilen, golaýda sport mekdebimizde erkin göreş boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa 2010-2012-nji we 2013-2014-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlar gatnaşdylar.

Mekdep okuwçylarynyň şaşka ýaryşy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 14-15 ýaşly okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. Etrapday 40-nji orta mekdepde geçen ýaryşa bilim ojaklarynyň aglabasyndan okuwçy oglan-gyzlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Ak bugdaý etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşda ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Onda etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň topary ikinji, 10-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijiler “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna mynasyp boldy.

Şanly senä bagyşlanan ýaryş

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde etrapdaky orta mekdepleriň 14-15 ýaşly okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Sarahs etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşa dürli mekdeplerden okuwçy ýaşlar höwes bilen gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaralandyrmak, okuwçy ýaşlaryň sport ussatlygyny ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onuň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 19-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Şaşka ýaryşynyň ýeňijilerine “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.