Mekdep okuwçylarynyň şaşka ýaryşy

16 Maý 2024
543

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 14-15 ýaşly okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. Etrapday 40-nji orta mekdepde geçen ýaryşa bilim ojaklarynyň aglabasyndan okuwçy oglan-gyzlar gatnaşdy.

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Ak bugdaý etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşda ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Onda etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň topary ikinji, 10-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijiler “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna mynasyp boldy.

Maýsa MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.