Moto GP boýunça möwsümiň 5-nji «Gran Prisi» Fransiýanyň Le Man şäherindäki «Bugatti» trassasynda geçirildi. Ýaryşda 27 aýlawy 41 minut 23,709 sekuntda tamamlan «Ducati Prima Pramac» toparynyň ispan sürüjisi, sanawyň lideri Horge Martin ýeňiş gazandy. Bu sprint ýaryşynda-da ýeňiji bolan Martiniň şu möwsümdäki ilkinji, karýerasyndaky 6-njy ýeňşidir. Ýeňijiden 0,446 sekunt yza galan «Ducati Gresini» toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes ýaryşy 2-nji orunda tamamlady. «Ducati Lenovo» toparynyň italýan sürüjisi, soňky 2 ýylyň çempiony Françesko Banaia ýeňijiden 0,585 sekunt soň pellehana gelip, 3-nji orny eýeledi.
Bu ýaryşdan soň sürüjileriň sanawynda Horge Martin birinjiligini saklap, ol utugyny 129-a ýetirdi. 2-nji orundaky Françesko Banaianyň 91 utugy bar. 89 utukly Mark Markes bilen Enea Bastianini 3-4-nji orunlary paýlaşýarlar.