"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýüre

Türgenlerimiz Pariž Olimpiadasynda çykyşlaryna başladylar

Türkmen türgenleri Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen bar. 28-nji iýulda 66 kilogram agramda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow Afrikanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, angolaly Edmilson Pedro bilen duşuşdy. Serdaryň duşuşygyň başynda utuk gazanan bäsdeşi soňlugy bilen ýeňişli hasaby saklamak üçin işjeňlik görkezmedi. Munuň tersine, türkmen pälwany ýeňşe bolan hyjuwy bilen garşydaşynyň hötdesinden gelmegi başardy. Edmilson Pedro işjeňlik görkezmändigi üçin üç gezek duýduryş alyp, ýaryşdan çykmaly boldy.

Olim­pia­da­lar döw­rün­de gy­zyk­ly wa­ka­lar

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly biz oky­jy­la­ry­my­zy öň­ki ýyl­lar­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry wag­tyn­da bo­lup ge­çen gy­zyk­ly wa­ka­lar bi­len ta­nyş et­me­gi ma­kul bil­dik.

Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da we da­şa­ry sy­ýa­sat­da sport ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk hök­mün­de or­ta çyk­ýar. «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, di­ňe bir içe­ri sy­ýa­sa­tyň mö­hüm bö­le­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem onuň ma­ny-maz­mun ba­bat­da do­wa­my bo­lan da­şa­ry sy­ýa­sat­da, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da hem dün­ýä­de we se­bit­de asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy, je­bis­li­gi go­rap sak­la­mak, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny no­bat­da­ky tap­gyr­lar­da ös­dür­mek ba­bat­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gu­ral hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ha­kyn­da

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024.

Üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­ris

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, ta­lyp ýaş­la­ryň to­mus dynç al­şy­na çyk­ma­gy bi­len, mu­gal­lym­la­ryň dur­mu­şyn­da tä­ze okuw ýy­ly üçin zäh­met rug­sa­dy we okuw-usu­ly taý­ýar­lyk ara­kes­me­si döw­ri baş­lan­ýar. Şeý­le pur­sat­lar­da Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy äh­mi­ýet­li çä­re­le­re, me­de­ni-sport baş­lan­gyç­ly iri toý­la­ra, sport baý­ram­çy­lyk­la­ry­na has iç­gin to­ma­şa edip, göz­ýe­ti­mi­ňi gi­ňelt­mä­ge aja­ýyp şert­ler dö­re­ýär.

Olimpiada täzelikleri

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 TÜRK­MEN OLIM­PI­ÝA­ÇY­LA­RY­NY GAR­ŞY­LA­MAK DA­BA­RA­SY

Sport — sag­dyn­ly­gyň gi­re­wi

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Berkarar döwletimizde ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry bi­len bir­lik­de spor­ty hem­ra edi­nip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň gal­kyn­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan­dyr. Şeý­le hem bu ugur­da ýaş­lar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler ola­ryň us­sat we kä­mil ba­şar­nyk­ly tür­gen­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne giň şert­le­ri dö­red­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň öň­le­rin­de go­ýan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, şeý­le hem ýaş­la­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek, sag­dyn ne­sil­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ni ga­zan­mak we ola­ryň ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýa­ş­la­ryň ara­syn­da dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, biz hem dür­li maz­mun­ly sport çä­re­le­ri­niň, ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýa­rys. Go­laý­da Dä­new et­ra­byn­da­ky 2-nji sport mek­de­bin­de spor­tuň kikbok­sing gör­nü­şi bo­ýun­ça gu­ra­lan ýa­ryş­lar hem to­mus dynç al­şy­ny şa­dy­ýan­lyk­da ge­çir­ý

Sport ýur­dun­dan sport baý­ra­my­na

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Olim­pia­da­la­ryň çem­pi­on­la­ry he­mi­şe hä­zir­ki za­man­da ýa­şa­ýar­lar. 100 ýyl mun­dan ozal ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de hem onuň ady ge­çen za­man­da ula­nyl­ma­ýar. Ola­ryň at­la­ry­nyň öňü­ne «ozal­ky» di­ýen söz go­şul­man, «Olim­pi­ýa çem­pio­ny» di­ýip aý­dyl­ýar. El­my­da­ma hä­zir­ki za­man­da ýa­şa­mak diý­mek ba­ky­ly­ga gol bu­la­mak däl­mi? El­bet­de, şeý­le. Hut şo­nuň üçin hem Olim­pia­da­lar he­mi­şe adam­za­dyň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Şol äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýan Olim­pi­ýa oýun­la­ry bol­sa 1896-njy ýyl­dan bä­ri her dört ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Pla­ne­ta­nyň sport baý­ra­my­ny ta­ryh­da 3-nji ge­zek ka­bul et­mek hä­zir­ki za­ma­nyň Olim­pia­da­la­ry­ny gaý­ta­dan di­kel­den Pýer de Ku­ber­te­niň Wa­ta­ny Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň pa­ýy­na düş­di. Fran­si­ýa­nyň il­kin­ji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny 1924-nji ýyl­da ka­bul eden­di­gi­ni ha­sa­ba al­saň, on­da bu ge­zek­ki oýun­lar şol wa­ka­nyň bir asyr­lyk şan­ly se­ne­si bi­len d

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs

Üstünlik hemraňyz bolsun, olimpiýaçylarymyz!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň şol tabşyrygyndan ugur alnyp, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy.

Futbol täzelikleri

16-njy aw­gust­da ýur­du­my­zyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji aý­la­wy­na ba­dal­ga ber­ler. Şol gün «Aş­ga­bat» – «Kö­pet­dag» to­par­la­ry du­şu­şar. Çem­pio­na­tyň 19-njy tap­gy­ry 17-nji aw­gust­da «Ahal» – «Ener­ge­tik» hem-de «Ne­bit­çi» – «Merw» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar bi­len jem­le­ner.

Türk­men tür­gen­le­ri Pa­riž­de

Ga­ra­gu­muň atly päl­wany

Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň Bük­riö­leň oba­syn­da dün­ýä inip, ke­ma­la ge­len, hä­zir Ar­tyk oba­syn­da ýa­şa­ýan Baý­ja (azan ady Baý­sä­het) bi­len ta­nyş bo­lup, şu gü­ne çen­li gat­na­şyp ýö­rüs. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, il­kin­ji ta­nyş­lyk dost­lu­ga öw­rül­di. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň jüm­mü­şin­dä­ki Gy­zyl­ja­ga­la oba­syn­da ýa­şa­ýan, il ara­syn­da giň­den ta­na­lyp, sar­pa­lan­ýan Ak işan ata­my­zyň ne­sil­le­ri­niň tu­tan ge­lin toý­la­ry­na, soň­ra bol­sa Ça­lyş oba­sy­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän Bük­ri­ça­ran oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy Ka­ka­baý aga­la­ryň ge­lin toý­la­ry­na gat­naş­mak, ýa­kyn­da bol­sa Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň Ho­ja­meň­li, Bük­riö­leň, Haş­şan, Kyrk­gu­ýy, Ga­ra­ja­ow­lak oba­la­ryn­da we beý­le­ki ýer­ler­de bol­mak ne­sip et­di. Baý­sä­het bi­len uzak ýo­la ýol­daş bo­lup, onuň di­ňe bir türk­men mil­li gö­re­şi bi­len meş­gul­lan­man, Ga­ra­gum säh­ra­sy­ny ilik-düw­me bil­ýän säh­ra­ýy adam­dy­gy­na hem göz ýe­tir­dim.

Taryhda şu gün

Türgenleri 99 medal gazanan (45 altyn, 27 kümüş, 27 bürünç) ABŞ-nyň ýygyndy topary umumy hasapda bäsleşigi birinji orunda tamamlady. Finlýandiýanyň (14-13-10) hem-de Fransiýanyň (13-15-10) ýygyndy toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar.

Dürli derejeli medallar

Ýurdumyzyň ussatlar we milli ýygyndy toparlary üçin kämil türgenleri ýetişdirmekde sport mekdeplerine uly orun degişlidir. Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde hem sportuň görnüşleri boýunça zehinli, ukyply ýaş türgenleri saýlap-seçip almakda, ýüze çykarmakda hem-de olary taýýarlamakda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlaryň halypalyk etmeginde ýaş türgenlerimiz milli we halkara derejeli ýaryşlarda tapawutlanýarlar. Ýakynda taekwondo (ITF) boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy, halkara derejeli sport ussady Orazmyrat Çaryýewiň şägirtleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Çempionyň yzlyyzyna 2-nji ýeňşi

Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşy Latwiýanyň Liepaža şäherinde geçirildi. 20 aýlawdan ybarat bolan 300,13 kilometrlik ýaryşda soňky 2 möwsümiň çempiony Kalle Rowanpera ýeňiş gazandy. «Toyota Gazoo » toparynyň fin sürüjisi ýaryşy 2 sagat 31 minut 47,6 sekuntda tamamlady. Bu onuň bassyr 2-nji möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 14-nji ýeňşidir. Ýaryşda ýeňijiden 39,2 sekunt giç pellehana gelen «Toyota Gazoo » toparynyň başga bir sürüjisi, fransiýaly Sebastian Ožie 2-nji orna mynasyp boldy. «Hyundai Shell Mobis » toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňijiden 1 minut 4,5 sekunt yza galyp, 3-nji ýeri eýeledi. «M-Sport Ford» toparyndan fransiýaly Adrien Furmonyň 4-nji ýeri eýelän ýaryşynda sanawyň lideri belgiýaly Tierri Noýwill («Hyundai Shell Mobis ») 8-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, sürüjileriň sanawynda Tierri Noýwill 145 utuk bilen 1-nji orny eýeläp gelýär. 137 utugy bolan Ott Tanak 2-nji, 132 utukly Elfin Ewans 3-nji orunda barýar. Sebastien Ožieniň 4-nji, Adrien Furmonyň 5-nji orunda barýan sanawynda soňky 2 ýaryşyň ýeňijisi, häzirki çempion Kalle Rowanpera 86 utuk bilen 6-njy ýeri eýeleýär. Möwsümiň 9-njy ýaryşy 1-nji awgustda Finlýandiýanyň Ýuýaskýulýa şäherinde geçiriler.

2-nji saýlama tapgyrynda uly hasaply ýeňişler

UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirilip, uly hasaply, köp golly duşuşyklar bellige alyndy. Wengriýanyň çempiony «Ferenswaroş » topary Uelsiň çempiony «Nýu-Seýnts» toparynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi. Gollaryň 3-sini Adama Traore öz adyna ýazdyrdy. Norwegiýanyň «Bude- Glimt» topary öz meýdançasynda Latwiýanyň RFS toparyny, Polşanyň taryhynda ilkinji gezek çempion bolan topary «Ýagelloniýa » myhmançylykda Litwanyň çempiony «Panewežys » toparyny 4–0 hasabynda ýeňdi. Polýak toparynyň gollarynyň 3-sini Hesus Imaz derwezä girizdi. Azerbaýjanyň «Garabag » topary- da myhmançylykda Gibraltaryň «Linkoln Red Imps» toparyny Juninio we Baýramowyň gollary esasynda 2–0 hasabynda utdy. Çempion däl toparlaryň ýodasyndaky 2 duşuşykda 15 gol hasaba alyndy. Kiýewiň «Dinamosy » Polşada oýnalan duşuşykda Serbiýanyň «Partizan » toparyny 6–2 hasabynda ýeňdi. Ukrain klubunyň gollarynyň hersini- de başga- başga futbolçylar geçirdi. 7 goluň geçirilen oýnunda Türkiýäniň «Fenerbahçe » topary myhmançylykda Şweýsariýanyň «Lugano » toparyndan 4–3 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda türk klubunyň bosniýaly hüjümçisi Edin Jeko het-trik edip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady. Jogap duşuşyklary 30-njy we 31- nji iýulda oýnalar

Transfer täzelikleri

Fransiýanyň «Marsel » kluby «Premier Ligadan » 2 futbolçyny transfer etdi. «Mançester Ýunaýtediň » geçen möwsümi «Hetafede » kärendesine geçiren 22 ýaşyndaky wingeri 26+5 million ýewro transfer etdi. «Marsel » kluby Grinwudyň indiki transferinden gazanjak pulunyň 50 göterimini hem «Ýunaýtede » berer. Grinwud täze klubunda 10-njy belgide oýnar. «Marsel » kluby «Tottenhamdan » daniýaly ýarymgoragçy Pier- Emil Hýoýbergi hem transfer etdi. Fransuz topary 28 ýaşyndaky oýunçy bilen 1 ýyllyk kärendesine ylalaşyk gazandy. «Marsel » Hýoýbergi geljek tomusda 20 million ýewro berip ymykly transfer hem edip biler. Italiýanynyň «Milan » kluby Ýewropanyň çempionyny, ispaniýaly Alwaro Moratany düzümine goşdy. Italýan topary bu transfer üçin «Atletiko Madride » 13 million ýewro berer. 31 ýaşyndaky Morata milanlylar bilen 4+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Morata «Milanda » 7-nji belgili köýnekçäni geýer. Karýerasyna «Real Madridiň» ýaşlar düzüminde başlan Morata yklymyň güýçli klublarynda çykyş etdi. Ol «Real Madridde» (2010–2014, 2016–2017), «Ýuwentusda» (2014–2016, 2020– 2022), «Çelside» (2017–2019), «Atletiko Madridde» (2019– 2020, 2022–2024) dürli möwsümlerde oýnady. Morata çykyş eden klublarynda 589 oýunda 217 gol geçirdi. Morata milli toparda- da 80 duşuşykda 36

4 ýylda 4 kubok

Bilşiňiz ýaly, milli ýygyndylaryň arasyndaky iň gadymy futbol bäsleşigi Kopa Amerika. Ýagny Günorta Amerikanyň çempionaty. Geçen duşenbe günki final bilen tamamlanan 48-nji Kopa Amerikada Argentinanyň ýygyndysy çempion boldy. Kubogy yzly- yzyna gazanan Argentina 16-njy gezek çempion bolmak bilen, tangoçylar ýaryşyň iň köp çempionlyk gazanan topary hökmünde bellige alyndy. Bu çempionatdan öň Urugwaý ikisiniň 15 çempionlygy bardy. 1970–1990-njy ýyllar aralygynda Argentinanyň ýygyndysynyň ady hemmäniň üns merkezinde bolup, esasanam ol Dünýä Kubogynyň iň uly topary hasaplanýardy. Ýöne 1990-njy ýyllaryň 2-nji ýarymyndan soň Argentinanyň ady tutulsa- da, olar çärýek asyrdan gowrak wagt bäri çempionlyk gazanmagy ýatdan çykardylar. Ynha, indi soňky 4 ýylda bolsa 4 kubok gazandylar. 4 ýyl mundan ozal, dünýä futbolynyň super ýyldyzy, adyny Pele, Maradona ýaly ägirtleriň ýanyna ýazdyran, hatda köplere görä, olardanam öňde bolan Messiniň milli toparda ýeke kubogy hem ýokdugy, futbol janköýerleriniň ýadyndadyr. Bir ganaty ýaraly guş ýaly, Messiniň bir tarapy göýdükdi. Munuň tersine çykyş eden kluby «Barselona » bilen bolsa gazanylmadyk kubok galmandy. Dürli- dürli karikaturalar döredilýärdi. Messiniň bir gapdalyndaky şkafda kubokdan ýaňa ýer ýok, beýleki tarapynda- da diňe 2 sany