Sport — sag­dyn­ly­gyň gi­re­wi

28 Iýul 2024
170

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024

Berkarar döwletimizde ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry bi­len bir­lik­de spor­ty hem­ra edi­nip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň gal­kyn­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan­dyr. Şeý­le hem bu ugur­da ýaş­lar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler ola­ryň us­sat we kä­mil ba­şar­nyk­ly tür­gen­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne giň şert­le­ri dö­red­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň öň­le­rin­de go­ýan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, şeý­le hem ýaş­la­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek, sag­dyn ne­sil­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ni ga­zan­mak we ola­ryň ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýa­ş­la­ryň ara­syn­da dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, biz hem dür­li maz­mun­ly sport çä­re­le­ri­niň, ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýa­rys. Go­laý­da Dä­new et­ra­byn­da­ky 2-nji sport mek­de­bin­de spor­tuň kikbok­sing gör­nü­şi bo­ýun­ça gu­ra­lan ýa­ryş­lar hem to­mus dynç al­şy­ny şa­dy­ýan­lyk­da ge­çir­ýän ýaş­lar üçin ha­ky­ky sport baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rül­di.

Gülbahar BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.