Ýurdumyzyň ussatlar we milli ýygyndy toparlary üçin kämil türgenleri ýetişdirmekde sport mekdeplerine uly orun degişlidir. Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde hem sportuň görnüşleri boýunça zehinli, ukyply ýaş türgenleri saýlap-seçip almakda, ýüze çykarmakda hem-de olary taýýarlamakda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlaryň halypalyk etmeginde ýaş türgenlerimiz milli we halkara derejeli ýaryşlarda tapawutlanýarlar.
Ýakynda taekwondo (ITF) boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy, halkara derejeli sport ussady Orazmyrat Çaryýewiň şägirtleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.