"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Aşgabat duşuşygy: Hoşniýetli goňşuçylyk. Netijeli hyzmatdaşlyk. Täze belentlikler

Biz, žurnalistler Merkezi Aziýa sebiti hakynda gürrüň edenimizde, hemişe «hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, ýürekdeşlik, gadyrly gatnaşyklar» ýaly jümleleri ýygy-ýygydan gaýtalaýarys. Sebäbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hut şu ýörelgeleri baýdak edinip, bu gün sebitiň ýurtlary döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak bilen, dünýä ykbalyna dahylly işlerde-de özara tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Bu biziň Merkezi Aziýada bolşy ýaly, Hazarýaka sebitde-de möhüm, ygtybarly hyzmatdaşymyz hasaplanýan Gazagystan Respublikasy babatda hem şeýle. Dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary we onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bu hakykaty ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Türkmenistanda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmaga gelýän gazagystanly myhmanlar hemişe bir pikiri aýratyn nygtaýarlar: olar türkmen topragyna gelenlerinde, özlerini, edil ýakyn hossarlarynyň öýüne gelen ýaly, arkaýyn duýýarlar. Dostlukly Gazagystana barlanda-da munuň şeýledigi gümansyz. Ýogsa näme, «Guşuň güýji — ganatynda, adamyň güýji — dostlukda» diýýän gazaklar hem-de «Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak» diýýän tür

Dost-doganlygyň aýdyň beýany

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlag hem-de hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça aýratyn ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Belent mertebeli myhmanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen Hökümet wekiliýetleriniň zalynda söhbetdeşligi boldy, gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Dostlukly döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana bu gezekki sapary soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de baýlaşan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädim bolar. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwletler, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasylarynyň biridir. Bu babatda umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Biziň ýurtlarymyzy diňe bir geografik ýakynlyk däl, eýsem, iki doganlyk halkyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýakynlygy hem birleşdirýär. Ata-babalarymyzyň miras goýan özara hormat hem-de hoşniýetl

Türkmenistan — Hytaý: köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iberen iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolup çykyş edýän Hytaý bilen däp bolan gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda şu ýylyň maý aýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlige üns çekildi. Şonda iki ýurduň Liderleri soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ne

Türkmenistan — Gazagystan: netijeli hyzmatdaşlykda taryha dowam, geljege badalga (Ýaş žurnalistiň sözi)

Aslynda, döwletara gatnaşyklaryň netijeliligine baha kesilende, ýyllar ýa-da onýyllyklar o diýen bir uzak möhlet däl. Sebäbi iki döwletiň bir ýörelgä eýerip, bilelikde bir işiň başyny başlamaklary üçin ikitaraplaýyn bähbide doly gabat gelýän ýollary agtarmak ugrunda az-küş wagt gidenok. Ýöne muňa garamazdan, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ahyrky 15 ýyllykdaky ösüş depginine seredeniňde, gysga wagtda örän uly taslamalaryň durmuşa geçirilip, birnäçe möhüm ähmiýetli ylalaşyklaryň gazanylandygyna göz ýetirmek mümkin. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany görkezmek bolar. 24-25-nji oktýabrda goňşy ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary bolsa türkmen-gazak gatnaşyklarynyň nobatdaky belent sepgitleriniň badalgasy bolar. 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna gelmegi bilen täze derejä göterildi. Döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan

Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýär. Halklarymyzyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşine uzaýan medeni umumylyklary, häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda garaýyşlaryň meňzeşligi, bähbitleriň birligi babatda ýurdumyzyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Gazagystan Respublikasy bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz ýokary derejä çykdy.Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlup, geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar. Munuň şeýledigini dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary doly tassyklaýar. Dostlukly döwletiň baştutanynyň ýurdumyza sapary hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze sahypasyny açdy. Bizem okyjylarymyzy goňşy ýurduň geostrategik mümkinçilikleri, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy we şu güni baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Gazagystan Respublikasy: Geosyýasy we ykdysady mümkinçilikler

Netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Belent mertebeli myhman Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen Hökümet wekiliýetleriniň zalyna geçdi, bu ýerde olaryň söhbetdeşligi boldy, gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

Gatnaşyklar berkidilýär

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iberen iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda şu ýylyň maý aýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlige üns çekildi.

Bazar gatnaşyklarynda döwletiň orny: nazaryýet we milli tejribe

Islendik döwletde bazarlaryň döredilmegine we ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki bazar oňa gatnaşýan taraplary, islegi we teklibi, harytlary we hyzmatlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarlaryna girmek daşary ykdysady gatnaşyklarynda döwletler tarapyndan ileri tutulýar. Häzirki wagtda dünýäniň globallaşýan şertlerinde bu mesele has hem ýitileşýär. Şonuň üçin bazar infrastrukturasynyň öz-özünden kadalaşdyrylmagynyň üstüni doldurmakda döwlet kadalaşdyrmagynyň usullaryny ulanmak uly ähmiýete eýedir. Dünýä ykdysadyýetinde her bir döwletiň ykdysadyýeti kadalaşdyrylýar. Esasy tapawut kadalaşdyryjy usullaryň we gurallaryň peýdalanylyşynda ýüze çykýar. Şonuň üçin hem bazar infrastrukturasynyň düzümine girýän ähli elementler, olarda bolup geçýän özgertmeler döwlet tarapyndan kadalaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 43-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Tür­ki­ýe­den, BAE-den, Ow­ga­nys­tan­dan, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan, Uk­rai­na­dan, Sin­ga­pur­dan, Azer­baý­jan­dan, Er­me­nis­tan­dan, Mal­ta­dan, Gon­kong­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Pa­na­ma­dan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len ne­bit bi­tu­my­ny, awia­ke­ro­si­ni we reňk­siz aý­na önüm­le­ri­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 62 mil­lion 433 müň 670 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidip

Türkmenistany we Gazagystan Respublikasyny umumy medeniýet, ýakyn mentalitet, ysnyşykly ykdysady we medeni gatnaşyklar, iki ýurduň parahatçylyga, ylalaşyga we durnukly ösüşe bolan ymtylmalary özara baglanyşdyrýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda depginli ösýän ýurtlar bolmak bilen, Türkmenistan we Gazagystan geografik we medeni kybapdaşlygyndan, birek-birege ynanyşmak ýörelgesinden ugur alyp, hoşniýetlilik, dostluk, işjeň özara gatnaşyklar syýasatyny durmuşa geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda goňşy döwletler gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça giň gerimli özara hereketleriň oňyn tejribesini topladylar. Bu gün döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-si türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan abraýly, iri halkara we sebit guramalary, olaryň düzümleri, dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu gatnaşyklar oňyn hem netijeli häsiýete eýe bolup, dünýäde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir we bu asylly hem-de belent maksada ýetmäge ýardam edýär. Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan goňşy ýurtlaryň biri-de Gazagystan Respublikasydyr. Gazagystanyň Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolmagy, şeýle hem türkmen-gazak halklarynyň gadymyýetden gözbaşly dostlugy bu iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gazagystan Respublikasynyň

Dosty dogan saýýan halklar

Türkmen halky bilen gazak halkynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Iki halkyň däp-dessurynda meňzeşligiň bolmagy goňşy halk bilen dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam beripdir. Häzirki wagtda bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlyk özüniň hoşniýetliligi bilen dürli ugurlarda täze ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen özara bähbitli strategiki hyzmatdaşlygy iki goňşy ýurdy biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndan ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdirildi. ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşme duşuşyklarynyň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma döredýän şol gatnaşyklaryň ugurlary köpdürlü

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde

20-nji oktýabrda Bütindünýä dopinge garşy göreşmek agentliginiň guramagynda we bu guramanyň prezidenti Witold Bankanyň gatnaşmagynda Merkezi we Günbatar Aziýa döwletleriniň sport babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň hem-de Dopinge garşy göreş boýunça milli agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige türkmen tarapyndan Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow, Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi A.Akmämmedow, Dopinge garşy göreş barada Milli agentligiň başlygy L.Artykowa dagy gatnaşdy.

Okuw-maslahat geçirildi

20-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýan «Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Okuw-maslahatyň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy ýaşlaryň kanunçylyk babatda sowatlylygyny, birek-birege hoşniýetli gatnaşyklary, haýyr-sahawatlylyk we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary kemala getirmegiň hem-de meýletinçilik hereketini ösdürmegiň mazmuny olaryň arasynda adamkärçilik, rehim-şepagatlylyk, ynsanperwerlik gymmatlygyny wagyz etmekde meýletinçileriň ähmiýeti, şeýle hem bu işleriň ösen jemgyýeti kemala getirmekdäki orny barada çykyş etdi.

Türkmenistan — Russiýa: işewürlik gatnaşyklarynyň giň gerimi

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum, önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy. Şeýlelikde, bu forum netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň has amatly geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

Hoşniýetliligiň nusgasy

Türkmen-gazak döwletara gatnaşyklary eýýäm otuz ýyla golaý wagt bäri taryhyň sahypalaryna möhüm wakalary ýazýar. Iki döwletiň mizemez dostlugy halklary birleşdirýän köpasyrlyk ruhy we medeni umumylyklary döredýär. Olaryň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy bolsa dünýäni haýrana goýýan iri düzümleýin taslamalarda anyk beýanyny tapýar. Şol taslamalaryň esasynda özara bähbitler sebit möçberinde hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde umumy abadançylygyň üpjün edilmeli maksatlaryna laýyk gelýär. Gazagystany, Türkmenistany hem-de Eýrany baglanyşdyrýan demir ýoluň amal bolan gurluşygy häzirki döwrüň sazlaşygyna goşant bolup, beýik işleriň mysalynda ilkinjileriň hatarynda durýar. Bu ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýurtlaryň üstünlikli ykdysady ösüşinde, ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystan abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde garaýyşlary meňzeş döwletler bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bähbitli başlangyçlardan ugur alnyp, gysga döwrüň içinde energetika we ulag meseleleri boýunça degişli kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Türkmenistan bilen Gazagystan diňe bir BMG-niň çäklerinde däl, eýsem, ÝHHG, GDA, YHG ýaly başga-da ha