Türkmenistan — Gazagystan: netijeli hyzmatdaşlykda taryha dowam, geljege badalga (Ýaş žurnalistiň sözi)

25 Oktýabr 2021
1120

Aslynda, döwletara gatnaşyklaryň netijeliligine baha kesilende, ýyllar ýa-da onýyllyklar o diýen bir uzak möhlet däl. Sebäbi iki döwletiň bir ýörelgä eýerip, bilelikde bir işiň başyny başlamaklary üçin ikitaraplaýyn bähbide doly gabat gelýän ýollary agtarmak ugrunda az-küş wagt gidenok. Ýöne muňa garamazdan, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ahyrky 15 ýyllykdaky ösüş depginine seredeniňde, gysga wagtda örän uly taslamalaryň durmuşa geçirilip, birnäçe möhüm ähmiýetli ylalaşyklaryň gazanylandygyna göz ýetirmek mümkin. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany görkezmek bolar. 24-25-nji oktýabrda goňşy ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary bolsa türkmen-gazak gatnaşyklarynyň nobatdaky belent sepgitleriniň badalgasy bolar.

1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna gelmegi bilen täze derejä göterildi. Döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-si bilen şertnamalaýyn-hukuk binýady berkidilen türkmen-gazak gatnaşyklaryna soňky ýyllaryň dowamynda depginli ösüş häsiýeti mahsus. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we medeni ulgamlardaky gatnaşyklary görkezmek bolar.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar