Hoşniýetliligiň nusgasy

22 Oktýabr 2021
1138

Türkmen-gazak döwletara gatnaşyklary eýýäm otuz ýyla golaý wagt bäri taryhyň sahypalaryna möhüm wakalary ýazýar. Iki döwletiň mizemez dostlugy halklary birleşdirýän köpasyrlyk ruhy we medeni umumylyklary döredýär. Olaryň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy bolsa dünýäni haýrana goýýan iri düzümleýin taslamalarda anyk beýanyny tapýar. Şol taslamalaryň esasynda özara bähbitler sebit möçberinde hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde umumy abadançylygyň üpjün edilmeli maksatlaryna laýyk gelýär. Gazagystany, Türkmenistany hem-de Eýrany baglanyşdyrýan demir ýoluň amal bolan gurluşygy häzirki döwrüň sazlaşygyna goşant bolup, beýik işleriň mysalynda ilkinjileriň hatarynda durýar. Bu ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýurtlaryň üstünlikli ykdysady ösüşinde, ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystan abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde garaýyşlary meňzeş döwletler bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bähbitli başlangyçlardan ugur alnyp, gysga döwrüň içinde energetika we ulag meseleleri boýunça degişli kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Türkmenistan bilen Gazagystan diňe bir BMG-niň çäklerinde däl, eýsem, ÝHHG, GDA, YHG ýaly başga-da halkara we sebit düzümleri bilen hem ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar