Netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

25 Oktýabr 2021
1100

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Belent mertebeli myhman Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen Hökümet wekiliýetleriniň zalyna geçdi, bu ýerde olaryň söhbetdeşligi boldy, gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar