Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

25 Oktýabr 2021
1296

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Belent mertebeli myhmanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen Hökümet wekiliýetleriniň zalynda söhbetdeşligi boldy, gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

Dostlukly döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana bu gezekki sapary soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de baýlaşan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädim bolar. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwletler, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasylarynyň biridir. Bu babatda umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Biziň ýurtlarymyzy diňe bir geografik ýakynlyk däl, eýsem, iki doganlyk halkyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýakynlygy hem birleşdirýär. Ata-babalarymyzyň miras goýan özara hormat hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri Türkmenistan we Gazagystan döwlet özbaşdaklygyna eýe bolanlaryndan soň, diňe bir saklanyp galynman, has-da baýlaşdyryldy.

"Nesil".
Beýleki habarlar