Türkmenistan — Hytaý: köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

25 Oktýabr 2021
1139

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iberen iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolup çykyş edýän Hytaý bilen däp bolan gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda şu ýylyň maý aýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlige üns çekildi. Şonda iki ýurduň Liderleri soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

"Nesil".
Beýleki habarlar