Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

25 Oktýabr 2021
1060

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýär. Halklarymyzyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşine uzaýan medeni umumylyklary, häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda garaýyşlaryň meňzeşligi, bähbitleriň birligi babatda ýurdumyzyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Gazagystan Respublikasy bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz ýokary derejä çykdy.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlup, geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar. Munuň şeýledigini dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary doly tassyklaýar. Dostlukly döwletiň baştutanynyň ýurdumyza sapary hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze sahypasyny açdy. Bizem okyjylarymyzy goňşy ýurduň geostrategik mümkinçilikleri, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy we şu güni baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Gazagystan Respublikasy: Geosyýasy we ykdysady mümkinçilikler

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar