"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ösüşleriň mekany sen, Aşgabat!

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn özgerýän Aşgabat ählitaraplaýyn ösen merkez hökmünde ykrar edilýär. Gözel paýtagtymyz — syýasy we ykdysady taýdan hem ösen şäher, iri bilim merkezi. Bu ýerde türkmen ýaşlary üçin ylym-bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli amatly mümkinçilikler döredilen. Munuň özi ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan ýurdumyzda degişli ugurdaky giň gerimli özgertmeleri we maksatnamalaýyn işleri durmuşa ornaşdyrmakda Diýarymyzyň baş şäheri bolan Aşgabadyň tutýan ornunyň örän uludygyny dolulygyna açyp görkezýär. Aşgabat — ýaşlar şäheri. Bu ýerde gurlup, ulanmaga berilýän çagalar baglary hem-de dynç alyş we sagaldyş merkezleri, ylym-bilim edaralary muny aýdyň tassyklaýar. Paýtagtymyzda ýaş nesilleriň çagalykdan sagdyn we ruhubelent bolup ýetişmekleri, bilim älemine aralaşmaklary üçin oňaýly şertler döredilýär.

Kämil kanunçylyk — ösen jemgyýet

Kämil kanunçylyk ösen jemgyýeti gurmagyň, belent ösüşleri we üstünlikleri gazanmagyň hökmany şertidir. Muňa häzirki wagtda ähli ugurlarda ýokary sepgitleri nazarlaýan ata Watanymyz Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek, Watanymyzy çalt depginlerde dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak bilen baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, berkarar döwletimiziň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy işjeň amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň depginli we durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanylýar, hoşniýetli hem-de ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi has-da giňeýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bütin dünýäde kuwwatly senagat merkezi, halk häkimiýetini berkarar etmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýän döwlet hökmünde ykrar edilýär. Bu bolsa halkyň ýokary ýaşaýyş derejesini gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýan Diýarymyzda degişli ugurda kadalaşdyryjy hukuk binýadyň doly berkid

Dost-doganlyk merkezi

Merkezi Aziýanyň merjen şäherine — Aşgabadymyza bolan söýgi ençeme ýyllardan bäri şahyrlaryň egsilmez ylhamynyň çeşmesi bolup gelýär. «Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat, Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat» diýdirip, şahyr kalbyny gözellige bendi eden Aşgabadymyzyň gündizlerinde ak mermer binalar ýaşyl baglyklar bilen sazlaşyp, ajap görnüşleri emele getirse, nurly gijelerde asman ýyldyzlaryna bäs edýän yşyklar gaýtalanmaz gözellik bolup kalbyňa dolýar. Tutuş ýurdumyzda, şol sanda Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegi, paýtagt şäherimiziň abadanlaşdyrylmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekýär.

Şanly toýuň şanyna

26-njy aprelde Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralaryň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçilere alabaýyň güjükleriniň 7-sini sowgat berdi. Şol gün döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerler bilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň taryhynyň dowamynda dünýä ykrarnamasyna eýe bolan we umumydünýä gymmatlyklarynyň möhüm bölegine öwrülen türkmen halysy, ahalteke atlary, türkmen alabaýy ýaly milli gymmatlyklary döredendigini gürrüň berdi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pent-nesihatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alnyp, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň tohumçylyk hem-de seçgiçilik işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň binýadynda «Türkmen alabaý» tohum itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi döredildi. Şoňa görä, Akhanyň hormatly

Goşa baýramyň buýsanjy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde bellenip geçildi. Bu waka mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralan baýramçylyk bäsleşikleri goşa toýuň ähmiýetini has-da artdyryp, oňa köp görnüşli öwüşgin berdi. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny we medeniýetini gaýtadan dikeltmek, olary dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigine güwä geçýär. Behişdi bedewlerimiz we türkmen alabaýlary halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň umumadamzat ösüşine goşant goşan ajaýyp mirasydyr. Olar şöhratly halkymyzyň köpasyrlyk taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Edermen alabaýlarymyz we ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň ajaýyp gymmatlygydyr, gadymy döwürlerden bäri wepaly ýoldaşlarydyr hem-de dostlarydyr. Hut şu jähetden hem, ady agzalan gymmatlyklarymyz sagdynlygyň we dostlugyň ýurdy diýlip ykrar edilen Watanymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşanlary hökmünde saýlanyp alyndy.

Möhüm möwsümlere ýokary hil derejesi mahsus bolmalydyr

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.

Şanly seneleri şöhrata beslemek ugrunda

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, wise-premýerler M.Mämmedowany, M.Geldinyýazowy we Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Sazlaşykly ösüşleriň mekany

Ak mermerli Aşgabady ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegine itergi berýär. Şunda şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, göwnejaý dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Munuň özi täze gurulýan binalaryň taslamalary taýýarlanylanda göz öňünde tutulmalydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi dabaraly belleniljek şu ýylda ak mermerli paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek esasy wezipeleriň biridir.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi.

Derwaýys meselelere garaldy

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň wezipeleri

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini goramakda, gulluk borçlaryny gyşarnyksyz hem-de birkemsiz berjaý etmekde, şeýle hem türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi — bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradow Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanyldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatlary

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş. Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý. Gylyjowy çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşlikleri

26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, wise-premýerler M.Mämmedowany, M.Geldinyýazowy we Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Giň gerimli işleriň depgini we netijeliligi ýokarlandyrylmalydyr

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy ilerledilýär

26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan edip, ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belledi.

Milli gymmatlyklara ygrarlylygyň aýdyň beýany

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk dabaralary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Şol gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi boldy. Ilkinji dört çapyşyk 1200 metr aralyga geçirildi. Maliýe-ykdysady toplumynyň «Polatly» baýragyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly diýen gara aty, nebitgaz toplumynyň «Meleguş» baýragy ugrundaky ýaryşda Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr diýen gurt mele at, söwda toplumynyň «Gelşikli» baýragy ugrundaky üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Tejen diýen dor at, ulag-aragatnaşyk toplumynyň «Ýanardag» baýragy ugrundaky çapyşykda bolsa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli Gyzlarym diýen dor bedew pellehana ilkinji bolup geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan-garyndaşlaryna şu agyr wagtda güýç-gaýrat arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.