Dost-doganlyk merkezi

28 Aprel 2021
833

Merkezi Aziýanyň merjen şäherine — Aşgabadymyza bolan söýgi ençeme ýyllardan bäri şahyrlaryň egsilmez ylhamynyň çeşmesi bolup gelýär. «Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat, Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat» diýdirip, şahyr kalbyny gözellige bendi eden Aşgabadymyzyň gündizlerinde ak mermer binalar ýaşyl baglyklar bilen sazlaşyp, ajap görnüşleri emele getirse, nurly gijelerde asman ýyldyzlaryna bäs edýän yşyklar gaýtalanmaz gözellik bolup kalbyňa dolýar.

Tutuş ýurdumyzda, şol sanda Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegi, paýtagt şäherimiziň abadanlaşdyrylmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekýär.

Hakly MYRATLYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar