Goşa baýramyň buýsanjy

28 Aprel 2021
914

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde bellenip geçildi. Bu waka mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralan baýramçylyk bäsleşikleri goşa toýuň ähmiýetini has-da artdyryp, oňa köp görnüşli öwüşgin berdi. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny we medeniýetini gaýtadan dikeltmek, olary dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigine güwä geçýär.

Behişdi bedewlerimiz we türkmen alabaýlary halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň umumadamzat ösüşine goşant goşan ajaýyp mirasydyr. Olar şöhratly halkymyzyň köpasyrlyk taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Edermen alabaýlarymyz we ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň ajaýyp gymmatlygydyr, gadymy döwürlerden bäri wepaly ýoldaşlarydyr hem-de dostlarydyr. Hut şu jähetden hem, ady agzalan gymmatlyklarymyz sagdynlygyň we dostlugyň ýurdy diýlip ykrar edilen Watanymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşanlary hökmünde saýlanyp alyndy.

Döwlet PÜRDEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar