Derwaýys meselelere garaldy

28 Aprel 2021
946

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

«Watan».
Beýleki habarlar