Milli gymmatlyklara ygrarlylygyň aýdyň beýany

27 Aprel 2021
858

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk dabaralary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Şol gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi boldy. Ilkinji dört çapyşyk 1200 metr aralyga geçirildi. Maliýe-ykdysady toplumynyň «Polatly» baýragyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly diýen gara aty, nebitgaz toplumynyň «Meleguş» baýragy ugrundaky ýaryşda Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr diýen gurt mele at, söwda toplumynyň «Gelşikli» baýragy ugrundaky üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Tejen diýen dor at, ulag-aragatnaşyk toplumynyň «Ýanardag» baýragy ugrundaky çapyşykda bolsa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli Gyzlarym diýen dor bedew pellehana ilkinji bolup geldi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar