Sazlaşykly ösüşleriň mekany

28 Aprel 2021
693

Ak mermerli Aşgabady ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegine itergi berýär. Şunda şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, göwnejaý dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Munuň özi täze gurulýan binalaryň taslamalary taýýarlanylanda göz öňünde tutulmalydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi dabaraly belleniljek şu ýylda ak mermerli paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek esasy wezipeleriň biridir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar