Ösüşleriň mekany sen, Aşgabat!

28 Aprel 2021
991

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn özgerýän Aşgabat ählitaraplaýyn ösen merkez hökmünde ykrar edilýär. Gözel paýtagtymyz — syýasy we ykdysady taýdan hem ösen şäher, iri bilim merkezi. Bu ýerde türkmen ýaşlary üçin ylym-bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli amatly mümkinçilikler döredilen. Munuň özi ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan ýurdumyzda degişli ugurdaky giň gerimli özgertmeleri we maksatnamalaýyn işleri durmuşa ornaşdyrmakda Diýarymyzyň baş şäheri bolan Aşgabadyň tutýan ornunyň örän uludygyny dolulygyna açyp görkezýär.

Aşgabat — ýaşlar şäheri. Bu ýerde gurlup, ulanmaga berilýän çagalar baglary hem-de dynç alyş we sagaldyş merkezleri, ylym-bilim edaralary muny aýdyň tassyklaýar. Paýtagtymyzda ýaş nesilleriň çagalykdan sagdyn we ruhubelent bolup ýetişmekleri, bilim älemine aralaşmaklary üçin oňaýly şertler döredilýär.

Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.
Beýleki habarlar