Ýanwar aýynda Ýewropada zeýtun ýagynyň bahasy ýokarlandy
«Eurostatyň» habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlarda zeýtun ýagynyň bahasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna garanyňda, 50 göterim ýokarlanypdyr. «BNS» agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, zeýtun ýagynyň bahasy 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýokarlanyp başlapdyr, ýagny awgustda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 37 göterim artyp, 2023-nji ýylyň sentýabrynda 44, oktýabrynda 50 we noýabrynda 51 göterime ýetipdir. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa bahalar biraz durnuklaşyp, bir ýyl öňki döwürdäkiden 47 göterim ýokary boldy.