Möhüm çäre ýokary depginde

6 Mart 2024
463

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişi möwsümine ýerleri birkemsiz taýýarlamak babatda esasy çäreleriň biri bolan ýuwuş suwuny tutmakda Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary has-da öňe saýlanýarlar. Şeýlelikde, olar şu wagta çenli 300 gektara golaý meýdanda bu işi ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi öňdäki  möwsümde gowaça tohumynyň ekilmegi  göz öňünde tutulýan ýerleriň esasy bölegine suw berlendigini aňladýar.

Öz wagtynda sürlüp, tekizlenilip, çiller arkaly bölünen meýdanlara suw tutmakda daýhan birleşiginiň ähli kärendeçiler toparlarynyň agzalary hem oňat görelde görkezýärler. Tejribeli kärendeçilerden Güneş Ärjanowanyň 4,8, Mamagül Şerjanowanyň 2,6, Atanyýaz Rejepowyň 1,5 gektardan ybarat meýdanlarynda bu çäräni öňdäkileriň hatarynda berjaý edip has-da ýokary netijeleri  gazanandyklaryny bellemek bolar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar