Daýhandan hereket — ýerden bereket

8 Mart 2024
601

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji oba hojalygynda 4,4 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Mejlisiň dowamynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi.

Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar