«Daýhan, güýç goşulyp kuwwat-güýjüňe...»

11 Mart 2024
645

Üns berýän bolsaňyz, ýokarky sözbaşy Milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň birinden alyndy. Hakykatdanam, biziň döwrümizde «Ýykylsaň, ýere ýapyş» edýän daýhanlarymyzyň güýji-gaýraty artdy. Has anygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde oba hojalyk pudagy bilen baglylykda kabul eden çözgütleridir permanlary, degişli resminamalary ýurdumyzyň agrosenagat pudagynyň işiniň has zamanabap boljakdygynyň aýdyň kepilnamasyna öwrülip, göwünleri ganatlandyrdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban Watanymyzda bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan has höweslendirmek babatda strategik çözgüt daýhançylykda döwletli ädimdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, şol gezekki hökümet mejlisinde oba hojalygy boýunça täze düzümleri döretmek, ýagny bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi, elbetde, işleriň has-da ilerlemegini, jogapkärçiligiň üzül-kesil ýokarlanmagyny, daýhanlardyr telekeçiler bilen işleşmegiň has ygtybarly usullaryny döretmegiň anyk şertlerini üpjün eder.

Nurmyrat GURDOW,
Ahal welaýatynyň Kaka etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar