Baglar — zeminiň görki

6 Mart 2024
749

Welaýatymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Şabat etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginde hem ökde kärendeçi bagbanlaryň ençemesi zähmet çekýär. Olar bahar paslynyň gelmegi bilen, baglaryň iş-aladasynyň artýan şu günlerinde öz bag meýdanlarynda zerur çäreleri geçirmäge uly üns berýärler. Bu barada tejribeli bagbanlaryň hatarynda ady agzalýan Batyr Seýidow şeýle gürrüň berdi:

— Halkymyzda bag ekmek, oňa ideg etmek, hasyl ýetişdirip ile-güne hödürlemek iň haýyr-sogaply işleriň biri hasaplanylýar. Onuň üstümize saýa salyp, töweregimiziň bezegini artdyrýandygy üçin hem bu şeýle bolýar. Şuny nazara alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda bagbançylygy ösdürmek, baglary köpeltmek babatda möhüm işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerini dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekmegi has-da netijeli işlemäge ruhlandyrdy. Şonuň netijesinde bagbanlar üçin döredilýän şertler, olara goýulýan hormat-sarpa bizi has-da buýsandyrýar.

Ýazga geçiren Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar