Giň meýdanlardaky yhlasly zähmet

6 Mart 2024
595

Ruhubelent etrabynyň merkezinden demirgazyga barýan ýol bilen birsalym ýöreseň, çep gapdalyňda aňyrsy gözýetime çenli uzap gidýän bugdaýly meýdanlar peýda bolýar. Birnäçe ýyllardan bäri bu toprakda zähmet çekýän ezber gallaçylaryň yhlasy bilen şeýle ajaýyp ekinzarlyga öwrülen ýerleriň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşigine degişlidigini köpler bilýändir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ene toprakdan bereketli hasyl öndürmek ugrunda gaýratlylyk görkezýän daýhanlar üçin zerur şertleri döretmek baradaky aladalaryna guwandyryjy netijeler, belent sepgitler bilen jogap bermegi maksat edinen bu daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çekýän agzybirlikli zähmeti bellenmäge mynasypdyr. Olar geçen ýylyň güýz paslynda jemi 5 müň gektardan gowrak meýdana bugdaý ekmek boýunça iş alyp bardylar. Şonda öz wagtynda sürlüp, tekizlenilip, talabalaýyk suw tutulan hem-de taba gelen ýerlerde ekiş agrotehniki kadalara laýyklykda geçirildi. Bu işlerde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly traktorlarynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiginiň öz tehnikalarynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanyldy. Bu bolsa ekişiň öz wagtynda tamamlanmagyna we kadaly gögeriş alynmagyna mümkinçilik berdi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar