Zähmet gatnaşyklaryny netijeli guramagyň ugurlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde gazanylan üstünliklere, meýilnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilişine seljerme bermek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda zähmet gatnaşyklarynyň netijeli guralmagynyň döwrebaplygynyň üpjün edilmegini hem şertlendirýär. Iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak meselesi boýunça kanunçylygy yzygiderli seljerip, degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy barada 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde-de bellenildi. «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» mazmunynda Birleşen M