«Balkan» zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy

9 Aprel 2024
170

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämileri abatlamak, gurmak boýunça hyzmatlaryny gün-günden kämilleşdirýär.

5-nji aprelde «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde guruljak ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileri üçin Halkara deňiz guramasy tarapyndan «IMO Resolution A.1078» (28) rezalýusiýasyna laýyklykda IMO belgileri alyndy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Beýleki habarlar