Sanly ykdysadyýet – ygtybarly ösüşiň binýady

10 Aprel 2024
146

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu günki günde durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda halka hyzmat etmegiň möhüm guraly bolan kanunçylygyň ösdürilmegi, barha kämilleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlar, beýik işler halkyň abadan durmuşyna gönükdirilýär. Hut şonuň üçin hem halkyň hal-ýagdaýy has-da gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar. Munuň özi häzirki döwürde halk bähbitli işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak, maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ösüşi maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şol nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ösüşiň möhüm ugurlary kesgitlenendir. Şeýle hem “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzyň ösüşi, döwrebap şertleriň döredilmegi nazarlanýar.

Maýa POLATOWA
Çärjew etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar