Zähmet gatnaşyklaryny netijeli guramagyň ugurlary

13 Aprel 2024
329

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde gazanylan üstünliklere, meýilnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilişine seljerme bermek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda zähmet gatnaşyklarynyň netijeli guralmagynyň döwrebaplygynyň üpjün edilmegini hem şertlendirýär. Iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak meselesi boýunça kanunçylygy yzygiderli seljerip, degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy barada 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde-de bellenildi.

«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» mazmunynda Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, şeýle-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde yzygiderli alnyp barylýan işleriň düzüminde zähmet gatnaşyklaryny netijeli we döwrebap guramaga gönükdirilen çäreleriň toplumy hem beýan edilendir. Munuň özi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen kepillendirilýän raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini döretmäge, durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, işgärleriň we iş berijileriň arasynda durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işleriň ulgamlaýyn amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar