"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Eksport mümkinçiligi giňeýär

Aýdyň ýollarda ynamly gadamlar

Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýär. Bu günki günde bolsa tutuş dünýä ýüzi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň we dünýä döwletleriniň halklarynyň bähbidine gönükdirilýän beýik işleri amala aşyrýandygynyň şaýady bolýar. Ata Watanymyzyň jemgyýetçilik we demokratik ösüş ýolundaky ynamly ädimleri rowaçlyklara beslenýär. Hut şonuň üçinem bize Watan mertebesini arşa göterýän taryhy wakalara baý döwürde ösüş-özgerişlere guwanyp, buýsanyp we mynasyp goşandyňy goşup ýaşamak bagty miýesser edýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda adam hakyndaky alada ilkinji orunda durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan önümçilik maksatly desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli halkyň hyzmatyna berilmegi, ýurdumyzyň agzybirligiň we ynanyşmagyň Watanydygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan sebitde durnuklylygyň hem ösüşiň merkezi hasaplanýar.

Goý, ýaňlansyn parahatlyk mukamy!

Täze — 2021-nji ýylyň hoş habarlar, şanly hem taryhy wakalar bilen başlanmagy mähriban Arkadagymyzyň: «Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!» diýen köňül arzuwynyň eýýäm wysal tapyp başlandygynyň aýdyň hakykatyna öwrülip, göwünlerimize ganat berdi. Pederlerimiziň parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän milli Liderimiziň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan bellenilýän bu taryhy ýylyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etdi.

Parahatçylyk we ynanyşmak — halkara gatnaşyklaryň esasy ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda gazanýan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Ýer ýüzünde ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna özboluşly itergi berýär. hususan-da, ol durnukly parahatçylyga, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar

Türkmenistan — Özbegistan: däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Munuň şeýledigine 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Myhman Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny milli Liderimize ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Netijeli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär

18-nji fewralda döwlet Baştutanymyz «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň çykarylýan hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini köpeltmek ýaly möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek hem-de olary ösdürmek babatdaky başlangyçlary bilen döredilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara söwdanyň logistikasyndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi Ýewraziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny örän netijeli hem-de amatly peýdalanmakda döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ulag-logistika ulgamy yzygiderli ösdürilýär, sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça iri halkara gatnaw menzilleriň we ýollaryň gurulmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki Halkara howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamn

Dünýä uzaýan ýollar

Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri milli ulag strategiýanyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ornunyň dikeldilmeginiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Ýurdumyz «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini işjeň goldaýar. Bu halkara geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäginden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar deňzi we Garadeňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambeýasynyň mejlisinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda beýan eden halkara başlangyçlarynyň özara bähb

Rowaçlyklara beslenýän halkara hyzmatdaşlyk

Türkmen diplomaty hormata laýyk Döwletleriň arasyny saz edip,Ismin ýazdyrandyr goja taryha.Parahatlyk sözün kalba ýaz edip,Laýykdyr işleri öwgä, tarypa.Owalynda Hak halamyş ilçini,Magtawy bilýäris parahatlygyň.Aýlanyp ýurtlary hem il içini,Taryp eder olar il rahatlygyn.Lebzi halal, ýüki alkyşdan bolar,Asudalyk küýsäp, çapyp atyny.Ruhun belent tutup, ýaýyp ýör olarArkadagyň çuňňur syýasatyny.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Diplomatik ýokary okuw mekdebinde türkmen-özbek duşuşygy

AŞGABAT, 17-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda şahyr-filosof hem-de görnükli döwlet işgäri Zahiriddin Muhammad Baburyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi. Onuň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň gaznasyna girdi. Duşuşyga iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Pakistan: netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy maksatlara hem-de bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

«Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalary bilen köp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Golaýda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellerine garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Sebitara gatnaşyklar pugtalanýar

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, ähli mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da pugtalanýar. Türkmenistan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Döwletimiz bu möhüm ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary saklamak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeltdi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda belent maksatlar bilen başlanan ýylymyzyň ilkinji günlerinde türkmen tarapynyň hasabyna gurluşyk işleri alnyp barlan üç iri desganyň — Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary gurlup ulanylmaga berildi.

Demir ýol ulgamy – ulag syýasatynyň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär. Döredijilikli zähmetiň, bagtyýarlygyň ruhunda ösýän-özgerýän ýurdumyzda halkymyzyň durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler, umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň goşulmak bilen, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça gurlan we gurulýan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar.