Netijeli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär

19 Fewral 2021
870

18-nji fewralda döwlet Baştutanymyz «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar