Diplomatik ýokary okuw mekdebinde türkmen-özbek duşuşygy

18 Fewral 2021
997

AŞGABAT, 17-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda şahyr-filosof hem-de görnükli döwlet işgäri Zahiriddin Muhammad Baburyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi. Onuň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň gaznasyna girdi.

Duşuşyga iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar