Ulag-aragatnaşyk ulgamy

18 Fewral 2021
1047

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek hem-de olary ösdürmek babatdaky başlangyçlary bilen döredilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara söwdanyň logistikasyndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi Ýewraziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny örän netijeli hem-de amatly peýdalanmakda döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ulag-logistika ulgamy yzygiderli ösdürilýär, sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça iri halkara gatnaw menzilleriň we ýollaryň gurulmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki Halkara howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar— Akina halkara demir ýol ulag geçelgelerini görkezmek bolar.

Serdar GUMMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar