Aýdyň ýollarda ynamly gadamlar

22 Fewral 2021
1013

Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýär. Bu günki günde bolsa tutuş dünýä ýüzi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň we dünýä döwletleriniň halklarynyň bähbidine gönükdirilýän beýik işleri amala aşyrýandygynyň şaýady bolýar. Ata Watanymyzyň jemgyýetçilik we demokratik ösüş ýolundaky ynamly ädimleri rowaçlyklara beslenýär. Hut şonuň üçinem bize Watan mertebesini arşa göterýän taryhy wakalara baý döwürde ösüş-özgerişlere guwanyp, buýsanyp we mynasyp goşandyňy goşup ýaşamak bagty miýesser edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda adam hakyndaky alada ilkinji orunda durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan önümçilik maksatly desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli halkyň hyzmatyna berilmegi, ýurdumyzyň agzybirligiň we ynanyşmagyň Watanydygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan sebitde durnuklylygyň hem ösüşiň merkezi hasaplanýar.

Abdylla ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar