"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Ata Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilmegine aýdyň şaýatlyk edýär. Mähriban Arkadagymyz sammitde eden çykyşynda Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar ýurdumyzyň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylygyna esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Biz Şanhaý Hyz

Köpugurly hyzmatdaşlar

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen Amerikanyň «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi, «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony, «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskini kabul etdi. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi, tutuş türkmen halkyny şanly sene bilen gutladylar, Türkmenistanyň mundan beýläk-de bedew bady bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap okgunly öňe gitmegini arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşyklaryň çäginde taraplar köpýyllyk hyzmatdaşlyklaryň geljekki ugurlary hakynda pikir alyşdylar. Milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi we ýurdumyzyň mundan beýläk-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Dost-doganlyk dünýä dolýar

Geçen asyryň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw-islegleri amala aşdy — eziz Türkmenistanymyz Garaşsyz, özbaşdak döwlet boldy. Bu gün bolsa taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň asyrlara barabar geçen şöhratly ýoly, amala aşyrylan beýik işler, halkymyzyň durmuşynda bolup geçen özgerişlikler hakynda buýsanç bilen gürrüň edilýär. Sanlyja ýyllaryň içinde bitirilen işler, hakykatdan-da, uly möçberli we giň gerimlidir. Şeýle ösüşlerdir özgerişlikler bolsa hormatly Prezidentimiziň çuňňur parasada ýugrulan adyl syýasatlaryndan özüniň gözbaşyny alýar. Mukaddes Garaşsyzlyk dünýä döwletleri bilen deňli-derejeli hyzmatdaşlyk etmäge, halkara bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolup, özbaşdak we erkin içeri we daşary syýasatlary ýöretmäge giň mümkinçilikleri açdy. Keremli Biribaryň nazary düşen mekanyň dünýäniň çatrygynda ýerleşmegi ýakyndaky we alysdaky ýurtlara dost-doganlyk ýollaryny gurmaga amatly şertleri döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň adalatly belleýşi ýaly, Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täze eýýamda, täze röwüşde, täze mazmunda gaýtadan dikeldýär. Munuň şeýledigine geçen şanly ýyllarynda Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli ýöretmegi hem ynandyryjylykly mysallaryň biridir. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary h

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi we giň gerimli baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.

Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň beýany

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Türkmenistan — Tatarystan: köpugurly we ygtybarly ösüş

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady. Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Tatarystanyň Baştutany şu saparyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna gabat gelýändigini belläp, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Giňişleýin düzümde geçirilýän duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmat

Hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejesi

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur «Bouygues» fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewürler milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejesini belledi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny hem-de ony has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda işewürler hormatly Prezidentimizi ýetip gelen uly baýram bilen ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistany gülledip ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyna ynandyrdylar.

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylarynyň hem-de hökümetiniň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet ösüşiniň ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Netijeli häsiýete eýe bolan duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda A.Beglow hormatly Prezidentimizi we ähli türkmenistanlylary döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen ýene-de bir gezek gutlap, uly baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň hem-de doganlyk türkmen halky bilen toý şatlygyny paýlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlanýar

Asylly däbe görä, ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan köpsanly myhmanlar gelýärler. Olar toý dabaralaryna işjeň gatnaşyp, mähriban halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny paýlaşýarlar. Öňňin paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz meşhur «Bouygues» fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi. Işewür milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlady.

Dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi. Işewür milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylarynyň hem-de hökümetiniň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet ösüşiniň ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisi bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we alyp barýan köp taraply işlerinde täze, uly üstünlikleri hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli sergi guraldy. Iki gün dowam eden sergide ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän önümler görkezildi. Munuň özi bolsa türkmen telekeçileriniň Garaşsyzlyk baýramyny uly toý sowgatlary bilen garşylaýandygynyň aýdyň beýany boldy. Biz talyp ýaşlar hem sergä gatnaşyp, bu ýerdäki hünärmenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Maýa Ataýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hünärmeni:

Aýdyň maksatlardan ugur alyp

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarydyr mugallymlarynyň, talyplarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen sebit we halkara derejeli başlangyçlaryň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, umumy baş maksada ýetmek — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Ony ýokary guramaçylykda geçirmek maksady bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletler we halkara guramalar bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Durnukly ösüşiň bähbidine täzeçil teklipler

Ählumumy abadançylyga gönükdirilen tagallalar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi. Bu taslama döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýerli derejede pugtalandyrmaga, şeýle hem ilatly ýerlerde toplumlaýyn hem-de adamlara niýetlenen usullar arkaly halkyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çemeleşmegi göz öňünde tutmak bilen, «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny» amala aşyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, maksatnama aýry-aýry sebitleriň ýaşlaryna niýetlenip, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýerli bileleşikleriň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer. Taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiniň çäklerinde durmuşa geçiriler.

Türkmenistan ― Özbegistan: geçmişi şanly, geljegi parlak hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda welaýat häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda bir günlük iş saparynda boldy. Toparyň düzüminde welaýat, etrap häkimlikleriniň, hususyýetçileriň, oba hojalykçylaryň, söwda guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri boldular. Farap gümrük nokady arkaly goňşy döwlete geçen wekilçilikli toparymyzy Buhara welaýatynyň häkimi güler ýüz bilen garşylady. Bu ýerde Lebap welaýatynyň wekiliýetiniň gelmegi mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar guraldy.