Ählumumy abadançylyga gönükdirilen tagallalar

24 Sentýabr 2021
1133

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi.

Bu taslama döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýerli derejede pugtalandyrmaga, şeýle hem ilatly ýerlerde toplumlaýyn hem-de adamlara niýetlenen usullar arkaly halkyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çemeleşmegi göz öňünde tutmak bilen, «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny» amala aşyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, maksatnama aýry-aýry sebitleriň ýaşlaryna niýetlenip, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýerli bileleşikleriň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer. Taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiniň çäklerinde durmuşa geçiriler.

«Nesil».
Beýleki habarlar