Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

30 Sentýabr 2021
1343

Ata Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilmegine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mähriban Arkadagymyz sammitde eden çykyşynda Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar ýurdumyzyň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylygyna esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýarys, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda hem-de obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Beýleki habarlar