Aýdyň maksatlardan ugur alyp

25 Sentýabr 2021
1380

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarydyr mugallymlarynyň, talyplarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen sebit we halkara derejeli başlangyçlaryň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, umumy baş maksada ýetmek — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Ony ýokary guramaçylykda geçirmek maksady bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletler we halkara guramalar bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

(Ýörite habarçymyz)
Beýleki habarlar