Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

27 Sentýabr 2021
1301

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi kabul etdi.

Işewür milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutlap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Beýleki habarlar