"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Gurluşykçy telekeçileriň hoşallygy

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda «Arkadagly ýurduň gurluşykçy telekeçileri» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyza amala aşyran iş saparlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde birnäçe wezipeleriň durandygyny aýratyn nygtady. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmäge we yzygiderli goldamaga degişli anyk işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, milli Liderimiziň ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde goýýan wezipelerine mynasyp jogap edip, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri ýokary hilli we döwrebap derejede ýerine ýetirmek möhüm talapdyr.

Bedew bady bilen beýik ösüşlere tarap

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine buýsanýan türkmen halkymyzyň her bir güni şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere atarýar. Özi-de, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda eýelenýän sepgitleriň mysalynda biz şu buýsançly hakykata şaýat bolýarys. Gazanylan üstünlikler eziz Watanymyzyň ösüş-özgerişleriň, bagtyýar milletiň ýurdudygyna güwä geçip, has-da netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylymlara daýanýan beýik tutumlaryny özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar. Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesini rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasat netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňelýär.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim işgärleriniň makalalaryny, hekaýalaryny we goşgularyny çap etmegi nazarda tutup, «ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN GÜLLEÝÄR GARAŞSYZ DIÝAR, PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK BU GÜN DÜNÝÄDE YKRAR» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler. Bäsleşigiň düzgünnamasy

Ynam üstünligiň hem parahatçylygyň açary

Ynsan üçin öz doglup-dörän, önüp-ösen ýeri bolan Watany hemişe ähli zatdan gözüne yssy görünýär. Adama mahsus bu tebigylyk onuň dünýä gelip, gözüniň açyp, ilki gören zadyndan, gurşawyndan başlanýar. Megerem, il içinde «Dogduk obam, eziz mekanym, ata Watanym» diýen jümleleriň has ýörgünli bolmagy hem şonuň üçin bolsa gerek. Watana bolan söýgi ähli söýgülerden beýik. Çünki nirede bolsaňam Watanyň yssy mähri seni hemişe özüne çekip durandyr. Watanyň goýnunda hemişe özüňi bagtly duýýarsyň. Uzak ülkelere saparlara gideniňde hem Watan küýsegi ýüregiň töründedir.

Şöhrata beslenjek ýyl

2021-nji, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly ruhubelentlikde garşylan ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylyna gadam basdylar. Täze ýylyň şygary hem ýurdumyzyň dünýäde ykrar edilen parahatçylyk syýasatyny alyp barýandygyny ýene bir ýola görkezýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň esasy maksady ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, olary jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek bolup durýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleri ýaş nesillerimiziň döwletiň we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ähli ugurlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işje

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi

BMG-niň we halkara guramalaryň wekilleri dünýä ähmiýetli möhüm wakany mübäreklediler AŞGABAT, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Röwşen geljege rowaç gadamlar

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Şanly toýumyzyň mertebesi

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ine, şeýle kuwwatly Watanymyzda şöhratly türkmen halky erkana, agzybir, abadan we parahat durmuşda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen mukaddes gymmatlygymyzdan — döwlet Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistan häzirki wagtda ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işlerden ruhlanýan halkymyz bolsa ýokary zähmet üstünlikleri bilen bu şanly baýramçylyga taýýarlyk görýär.

Ösüşli menzilleriň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Bu ynam Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy bilen has-da berkeýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň umumadamzat bähbidini nazarlaýan hoşniýetli, ynsanperwer, ylalaşykly işleri bu günki gün tutuş dünýä halklaryny bir-birine ýakynlaşdyrýar hem-de halkara jemgyýetçiliginde döwletimiziň ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyz ykdysadyýetde, senagatda, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary ösüş depginini gazandy. Bu bolsa Watanymyzyň kuwwatlanmagyny şertlendirdi hem-de dünýä döwletleri bilen giň esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga, öz mümkinçiliklerini ýaýmaga uly şertleri döretdi. Döwletimiziň şeýle ösüş depgini halkymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşynyň, abadan ýaşaýşynyň gazanylmagyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Meniň ähli aladam halkyma hyzmat etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, men öz halkymyň öňündäki borjumy raýatlarymyzyň abadan we parahat durmuşyna ynamly bolmagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmekde görýärin» diýen ganatly sözleri bagtyýarlyk dö

Asudalygyň goragynda

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy. Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pudagara toparyň mejlisi

Golaýda Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlaryndan hem-de degişli ugurda pudagara toparyň işini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny durmuşa geçirmek barada döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýerine ýetirmeli işleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýik başlangyçlar rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan giň möçberli işleriniň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanyp, aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem işleri döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu öňdebaryjy ulgam örän çalt depginler bilen ösüp, dünýäniň köp ýurtlarynda giňden ulanylýar. Bu ulgam önümçilik, bilim, saglygy goraýyş, ulag kommunikasiýa ulgamlarynda, işewür telekeçilikde hem-de beýleki dürli ugurlarda giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýet ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli, köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlar gurşawyna çykmak we olaryň dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijiler üçin elýeterli bolmak şerti has-da ýokarlanýar. Harytlary we hyzmatlary göni aragatnaşyk ulgamynda hödürlemek mümkinçiligi artýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy esasy ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyn

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen general-maýor Durdyýew Şadurdy Amanmuhammedowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. * * *

Bagtyýarlygyň goşa ganaty

Ynam — uly güýç. Ynam — söýgi hem-de ganatdyr. Ynsan gatnaşyklary-da birek-birege bolan ynamdan başlanýar. Ynamyň ýok ýerinde gatnaşyk hem, ösüş hem ýok. Iki adamyň özara ynamyndan dostluk döreýär. Dost bolsa seniň ikinji özüňdir. Bir zähmet toparynda işleýän adamlaryň birek-birege bolan ynamynyň hemişe üstünlige we öňegidişlige getirýändigi hakykat. Halkymyzyň şöhratly taryhyndan hem göz ýetirişimiz ýaly, ynam gatnaşyklaryň sazlaşykly dowam etmeginde ilkinji zerurlyk hökmünde ýüze çykýar. Bu halklaryň, milletleriň, döwletleriň mysalynda hem şeýledir. Özara ynanyşmak arkaly ýola goýulýan sazlaşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri bilen öz-özünden dowam edýär gidiberýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň özeni hem halk bilen Watanyň jebisligini pugtalandyrmaklyga, güneşli Diýarymyzda bagtyýarlygy, ynamdarlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilýär.

Ýaş nesil — ýurduň geljegi

Ösüşleriň röwşen şuglasy

Güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen ýyllary ýurdumyzda möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlandy. Garaşsyzlyk merdana halkymyza ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öňegidişlikler gazanylyp, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Ýurt garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi.

Gün tertibinde — sanly ulgam

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeni-durmuş ulgamynyň islendik ugruny alsaň hem, soňky ýyllarda uly ösüşleriň bolup geçendigini görmek bolýar. Geçen döwürde amala aşyrylan işleri seljereniňde bolsa, ösüşleriň her tapgyrynyň şol wagtyň talaplaryna laýyk gelýändiginiň şaýady bolýarsyň. Olaryň täze tapgyry bolsa ähli ugurlaryň sanly ulgama geçmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz degişli ministrlikleriň, pudaklaryň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň öňünde sanly ykdysadyýete geçmek wezipesini goýdy. Sebäbi bu diňe bir döwrüň talaby bolmak bilen çäklenmän, häzirkizaman dünýäsine giň ýol açýandygy bilen hem ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem diňe ykdysady pudaklary däl-de, döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem elektron görnüşe geçirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Biz hem partiýanyň ilkinji guramalarynda şu mesele boýunça öňde goýlan wezipeleri düşündirmek işlerini alyp barýarys. Eýýäm «Sanly ykdysadyýet — kämil hyzmatlar», «Sanly ulgam kämilleşýär», «Sanly ykdysadyýet durmuşa ornaşdyrylýar» ýaly mowzuklarda maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň giň toplumyny geçirdik. Olarda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasynda» görkezilen wezipeler, olary

Üns beriň, bäsleşik!

Joşa gelmişem

Giçki kämillikde ganatym ýaýyp, Gojalykdan juwan ýaşa gelmişem.Özümi däl, ata Watany söýüp, Allaň ýalkawyndan joşa gelmişem. Dogaýy sözlere mährimi garyp,Şygyrlar doglanda kalbymy ýaryp,Türkmeniň hudawy ruhuna girip,Allaň ýalkawyndan joşa gelmişem.

Watan mukaddesligi

Goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr. Watan! Bu mukaddes söz bilen baglanyşykly süýji gürrüňleri näçe diýseň etse bolar. Sebäbi Watan mukaddesliginiň çäkleri wagt taýdan alanyňda-da, perzentlik borjy taýdan kesgitläniňde-de gözýetmez uzaklyklara sary dowam edýär. Biz Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýolunyň gürrüňini edenimizde-de kalbymyzda nähilidir bir süýji gussa, ünji peýda bolýar. Şol mukaddes duýgy hem biziň şu Watanyň perzendidigimizi duýduryp duran hakykat. Şu giden uly giňişlikde — goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr.