Gurluşykçy telekeçileriň hoşallygy

1 Fewral 2021
1178

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda «Arkadagly ýurduň gurluşykçy telekeçileri» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyza amala aşyran iş saparlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde birnäçe wezipeleriň durandygyny aýratyn nygtady.

Hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmäge we yzygiderli goldamaga degişli anyk işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, milli Liderimiziň ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde goýýan wezipelerine mynasyp jogap edip, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri ýokary hilli we döwrebap derejede ýerine ýetirmek möhüm talapdyr.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar