Şöhrata beslenjek ýyl

30 Ýanwar 2021
1237

2021-nji, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly ruhubelentlikde garşylan ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylyna gadam basdylar. Täze ýylyň şygary hem ýurdumyzyň dünýäde ykrar edilen parahatçylyk syýasatyny alyp barýandygyny ýene bir ýola görkezýär.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň esasy maksady ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, olary jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek bolup durýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleri ýaş nesillerimiziň döwletiň we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ähli ugurlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklige uly üns berýärler. Şeýle-de, olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriniň emele gelmegine, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Beýleki habarlar