Üns beriň, bäsleşik!

29 Ýanwar 2021
1195

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk — ösüşleriň ganaty, parahatçylyk we ynanyşmak — Arkadagyň ýörelgesi» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz öz ösüşiniň rowaçlyklara beslenýän täze döwrüne ynam bilen gadam basdy. Eziz Diýarymyzda sanlyja ýylyň içinde asyrlara barabar düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak, medeni-durmuş çygrynda düýpli özgerişlikleri amala aşyrmak, esasan bolsa, ilatyň ýaşaýşyny ozal görlüp-eşidilmedik ýokary derejelere ýetirmek ugrundaky işleriň gerimi barha giňelýär. Ýurduň-halkyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen möhüm meselelerde belent sepgitlere abraý bilen ýetilýär. Şunuň ýaly guwandyryjy ilerlemeler Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz özbaşdaklyk, erkinlik ýörelgelerine daýanyp, ata Watanymyzy gülläp ösýän, ýaşamak, döretmek üçin örän amatly ýurda öwürdi. Guwandyryjy we buýsandyryjy özgerişlikler gadymy Lebap topragyny hem giňden gurşap aldy. Taryh üçin örän gysga wagtyň içinde oba-kentlerimiz, şäherçelerimiz we şäherlerimiz tanalmaz derejede özgerdi, ýaşamak üçin has amatly keşbe girdi.

Beýleki habarlar