"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistan parahatçylyk, hoşniýetlilik, döredijilik ýörelgelerini öňe sürýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen başlanan täze, 2021-nji ýylyň ilkinji iş hepdesi tamamlandy. Geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşynyň üpjün edilmegini baş maksat hökmünde kesgitlän we yzygiderli hem-de maksada okgunly amala aşyrýan durmuş ugurly ykdysady we demokratik özgertmeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny äşgär etdi. 4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Ýaşlaryň ýürek buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi welaýatymyzyň ýaşlarynda buýsanç duýgusyny döretdi. Habarçymyz şu ajaýyp waka mynasybetli ýaşlaryň birnäçesiniň ýürek sözlerini ýazga geçirdi.

Ýer gaznalary: ýerler netijeli özleşdirilýär

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen bu mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy milli kanunçylygy mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Ýurdumyzyň röwşen geljegi

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi, çünki ýaşlaryň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ýurdumyzyň geljegi üçin möhümdir. Esasan hem mugallymlar ýaşlaryň bilimli, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin alada edýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilip, durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlarynda ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Ýurdumyzyň asudalygy jemgyýetimiziň jebisliginiň binýadydyr

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, hukuk tertibini pugtalandyrmakda, milli kanunçylygy we hukuk işini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmeti we hünär ussatlygy nazara alnyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Gylyçmyrat Hallyýewe «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly at dakyldy. * * *

Watan asudalygy — döwlet berkararlygy

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi. Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň aýratyn möhümdigini we jogapkärlidigini nazara alyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby düzgün-tertibi berk gözegçilikde saklamagy, söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrmak, ýaş harby gullukçylary mukaddes raýat we harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegi ta

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Möhüm meselelere garaldy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygyny üpjün etmek, milli kanunçylygy we hukuk işini kämilleşdirmek, kanunyň berjaý edilişine gözegçilik etmek hem-de beýleki möhüm wezipeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde garalan esasy meseleler boldy. 6-njy ýanwarda geçirilen mejlisde ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli

Ilçi kabul edildi

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Netijeli esasda geçen duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi. Taraplar halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassyklap, dünýä giňişliginde, şol sanda iri abraýly guramalaryň we sebit düzümleriniň binýadynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şonda hormatly Prezidentimiziň soňky wagtlarda her bir ýylyň dowamynda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälim. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze galkynyş we beýik özgertmeler döwri diýip atlandyrylan bolsa, onda 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlas

Geňeşli salamat bolar

Parasatly ata-babalarymyzyň «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok» diýen dana sözleri adamzadyň kämil ösüşiniň, ynsan ýaşaýşynyň ýörelgelerine bagly bolýandygyny görkezýär. Olaryň birinjisi, halk köpçüligi bilen sala salyşmak, beýlekisi bolsa halk wekilleri bilen geňeşmek we maslahatlaşmak ýörelgeleridir. Pederlerimiziň taryhy geçmişi, halka geňeşmek ýaly asylly durmuş ýörelgesiniň, adamzat kämilliginiň ruhy sütüniniň biri bolandygyny anyk ykrar edýär. 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň Watanymyzyň milli parlamentini hil taýdan täze, iki palataly gurluşda döretmek hakyndaky ündewi taryhy çykyşyň düýp manysy boldy. Şeýle taglymat derejesindäki tagalladan ugur alnyp, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Kanunyň ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen baglanyşykly 61-njy maddasy aýrylýar. Bu bolsa Halk Maslahaty babatyndaky syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni derejäniň has-da ýokary, ýagny halk bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygyň jebis we ysnyşykly derejä eýe bolandygyndan mysaldy

Watana wepalylyk — mukaddes borç

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ileri tutulýan döwlet wezipesidir

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Gülläp ösüş — halkyň bagtyýarlygy

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine paýtagtymyzy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy, şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp, öňe sürüldi. Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar.