Watan asudalygy — döwlet berkararlygy

8 Ýanwar 2021
1142

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň aýratyn möhümdigini we jogapkärlidigini nazara alyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby düzgün-tertibi berk gözegçilikde saklamagy, söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrmak, ýaş harby gullukçylary mukaddes raýat we harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän Watan goragçylarynyň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllyk senesini mynasyp garşylamaga taýýarlyk görmäge başlamagy tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan, harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmagyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar