Geňeşli salamat bolar

7 Ýanwar 2021
1218

Parasatly ata-babalarymyzyň «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok» diýen dana sözleri adamzadyň kämil ösüşiniň, ynsan ýaşaýşynyň ýörelgelerine bagly bolýandygyny görkezýär. Olaryň birinjisi, halk köpçüligi bilen sala salyşmak, beýlekisi bolsa halk wekilleri bilen geňeşmek we maslahatlaşmak ýörelgeleridir. Pederlerimiziň taryhy geçmişi, halka geňeşmek ýaly asylly durmuş ýörelgesiniň, adamzat kämilliginiň ruhy sütüniniň biri bolandygyny anyk ykrar edýär.

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň Watanymyzyň milli parlamentini hil taýdan täze, iki palataly gurluşda döretmek hakyndaky ündewi taryhy çykyşyň düýp manysy boldy. Şeýle taglymat derejesindäki tagalladan ugur alnyp, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Kanunyň ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen baglanyşykly 61-njy maddasy aýrylýar. Bu bolsa Halk Maslahaty babatyndaky syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni derejäniň has-da ýokary, ýagny halk bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygyň jebis we ysnyşykly derejä eýe bolandygyndan mysaldyr. Hut şeýle bolansoň, Esasy Kanunymyzyň 66-njy maddasyndaky «Mejlisi» diýen söz, «Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis)» diýen sözler bilen çalşyrylýar.

Ata EÝEBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň baş maslahatçysy.
Beýleki habarlar